Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde edebiýatçy alym, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Mäti Kösäýewiň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, «Mäti Kösäýew — edebiýaty öwreniji alym» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Maslahata Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.
Maslahat «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň bir ýyllygy mynasybetli şu ýylyň ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kitap okamak boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başlandy.
Soňra ol M.Kösäýewiň ömri we döredijiligi baradaky täsirli çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyş edenler alymyň türkmen halk döredijiligini, edebiýatymyzyň taryhyny öwrenmekde goşan saldamly goşandy barada bellediler. 1959-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebinde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp muzeýiň döredilmeginde meşhur professoryň uly hyzmatynyň bardygy aýratyn nygtaldy.
— Edebiýatçy alymyň Baýram han, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Kemine, Mollanepes, Abdysetdar Kazy, Omar Haýýam, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy ýaly edebiýatda yz galdyran beýik şahsyýetleriň döreden eserleri bilen bagly ylmy işleridir makalalary häzirki wagtda bize hem ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Ol «Gorkut ata», «Görogly» eposlarynyň, «Şasenem-Garyp», «Ýusup-Ahmet», «Asly-Kerem» dessanlarynyň hem-de «Wagzy-Azat» eseriniň toplanmagynda uly işler bitiripdir. Professor, aýratyn-da, Magtymgulynyň şygryýet dünýäsini içgin öwrenen alym hökmünde tanalýar. Ol akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny toplamak, neşir etmek, ömrüne degişli maglumatlary anyklamak ugrunda köp zähmet siňdiripdir. Onuň «Edebiýat barada söhbet», «Edebiýatyň taryhynyň käbir meseleleri» atly makalalar ýygyndylarynda Magtymgulynyň hem-de beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi hakynda giňişleýin gürrüň edilýär.
Mäti Kösäýew uniwersitetde işlän ýyllarynda Nazar Gullaýew, Kakajan Ataýew, Abdyrahman Mülkamanow, Kakajan Durdyýew, Öre Sapaýew, Babyş Mämmetýazow, Sähet Rejebow, Käbe Borjakowa ýaly alymlara ylmy ýolbaşçylyk eden, birnäçe zehinli mugallymlary, edebiýatçylary, žurnalistleri taýýarlamakda tagallasyny gaýgyrmadyk ussatdyr — diýip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow öz çykyşynda aýtdy.
Maslahatyň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde edebi-çeper kompozisiýasy hem-de aýdym-sazly çykyşlar boldy. Şeýle hem maslahat bilen ugurdaşlykda kitap sergisi guraldy.