Turkmenportal logo
Şu gün 15:32
33063306
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Baş Assambleýasy afrikalylaryň gulçulygyny jenaýatçylyk hökmünde ykrar etdi
Surat: haqqin.az

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy afrikalylaryň gul söwdasy döwründe gulçulygyny adamzadyň garşysyna iň agyr jenaýatçylyk hökmünde ykrar etdi. Gana döwleti tarapyndan hödürlenen rezolýusiýada gul söwdasy üçin ötünç soramak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar, şeýle-de maddy öweztöleg barada gürrüň edilýär.

Resminamany 123 ýurt goldady, üç ýurt garşy çykdy. Elli iki ýurt saklandy. Käbir ýurtlar häzirki döwlet institutlarynyň geçmişiň ýalňyşlyklary üçin jogapkärçilik çekip bilmejekdigini beýan etdiler.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň resminamalaryndan tapawutlylykda, Baş Assambleýanyň rezolýusiýalarynyň hukuk güýji ýok, olar dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän meseleleri şöhlelendirýär.

Bu barada «rg.ru» ýazýar.