Turkmenportal logo
Şu gün 13:31
71047104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilçi: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk HHR-iň energiýa howpsuzlygyny berkidýär

Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygy Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we sebitdäki energetika gatnaşyklarynyň ösmegine uly goşant goşýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin bildirdi.

«Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygy Hytaýyň energetika howpsuzlygynyň berkemegine ýardam edýär, sebitimizdäki energetika gatnaşyklarynyň ösmegine şert döredýär, şeýle hem türkmen tarapyna uly möçberde býujet girdejilerini getirýär we köp sanly iş orunlaryny döredýär» diýip, ilçi HHR-iň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen brifingde aýtdy.

Ilçiniň sözlerine görä, şu ýyl iki ýurduň arasyndaky giň gerimli gaz hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bellenilýär. 1-nji mart ýagdaýyna görä, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly türkmen tarapy Hytaýa eýýäm 460 milliard kub metr tebigy gaz eksport etdi. Hytaý eýýäm 14 ýyl bäri türkmen gazynyň iň iri importçysy we Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup galýar.

Şeýle hem ilçi Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň taslamasy boýunça tenderiň ýeňijisi diýlip yglan edilendigini ýatlatdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «CNPC» bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasyndaky degişli şertnamany tassyklady. Diplomatyň bellemegine görä, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurduň gaz çykaryş kuwwatyny artdyrmaga, döwlet býujetiniň girdejilerini köpeltmäge we Türkmenistanyň ilaty üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.