Türkmen zenanlary döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynda giňden wekilçilik edýärler we olar ýurduň iş bilen üpjün edilen ilatynyň 40 göterimini düzýär. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa «Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialogy» atly forumyň dowamynda bildirdi.
«Türkmen zenanlary döwlet häkimiýeti, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralarynda mynasyp wekilçilik edýärler hem-de ýokary ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekýärler. Şunda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işleýän raýatlaryň 40 göterimini zenanlar düzýär» — diýip, ol belledi.
Şeýle-de D.Gulmanowa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky ornuny ýokarlandyrmak boýunça syýasatyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Türkmenistan «Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň» agzasydyr we BMG-niň durnukly ösüşiniň bäşinji maksady bolan — gender deňligine ýetmek ugrunda işjeň zähmet çekýär.
Onuň sözlerine görä, ýurtda eneligi we çagalygy goramak boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar, gender deňligi boýunça hukuk binýady bolsa ýurduň Konstitusiýasyna esaslanýar. Kabul edilýän kanunlar halkyň ruhy we medeni gymmatlyklaryna hem-de köpmilletli jemgyýetiň däp-dessurlaryna laýyk gelýär diýip, parlamentyň spikeri aýtdy.
«Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialogy» atly forum 26-27-nji martda Aşgabatda geçirilýär. Çärä Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan 50 sany wekil gatnaşýar. Forum Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumy (AFPPD) bilen bilelikde, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Ýaponiýanyň Maksatlaýyn gaznasynyň (JTF) goldamagynda guraldy.