Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkende bardy. Ony ýurduň paýtagtynyň «Daşkent – Humo» halkara howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady. Bu barada «Khovar.tj» habar berdi.
Täjik lideriniň iki günlük saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirildi, şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalara gol çekiler. Saparyň çäklerinde işewürlik forumy, medeni çäreler, şol sanda Täjigistanyň we Özbegistanyň Dostluk agşamy hem-de Täjigistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri geçiriler.