Peruda ini bary-ýogy 63 santimetr bolan täsin öý bina edildi. Ol Aukalýama şäherinde ýerleşip, ýerli ýaşaýjylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni çekdi diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Taslamanyň awtory Fabio Moreno oňaýlylygyň we bagtyň ýaşaýyş öýüniň tutýan meýdanynyň ýerlikli ulanylmagyna baglydygyny aýdýar. Juda darajykdygyna garamazdan, taslamaça öýüň içinde tas ähli zady – aşhanany, suwa düşülýän otagy, ýatalgany, iş ornuny, hatda eşik ýuwulýan ýeri-de ýerleşdirmek başardypdyr.
Bina şäheriň merkezi meýdançasynyň garşysynda ýerleşip, ony isleg bildiren adam synlap bilýär. Emma içiniň darlygy üçin bir wagtda diňe bir adam girip bilýär.
Fabio Moreno öýüni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek üçin ýüz tutupdyr. Onuň maksady –dünýäde iň darajyk öý hökmünde resmi dereje almak. Häzir onuň arzasy Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan öwrenilýär.