26-njy martda Aşgabatda gender deňligini öňe sürmek we onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi.
TDH-niň habar bermegine görä, foruma Mejlisiň ýolbaşçylary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň we birnäçe ýurtlaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar halkara derejesinde gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşlarda Türkmenistanyň aýallaryň hukuklary we gender deňligi babatda halkara borçnamalaryny, şeýle hem degişli halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine aýratyn üns çekildi.
Maslahatyň dowamynda bu ulgamdaky işleri giňeltmek, şol sanda aýallaryň hukuklaryny goramagyň milli gurallaryny döwrebaplaşdyrmak we parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri hem gozgaldy. Bu ugurda 2026–2030-njy ýyllar üçin Gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berildi.
Maslahata gatnaşyjylar bu ugurdaky yzygiderli duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň we forumlaryň tejribesinde parlamentara özara gatnaşyklaryň möhüm orun tutýandygyny bellediler.
Soňra maslahat öz işini gün tertibiniň dürli ugurlaryny öz içine alýan bölümçeler boýunça dowam etdirdi. Onda gender deňligini we aýallaryň hukuklaryny öňe sürmekde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny durmuşa geçirmekde parlamentarileriň alyp barýan işleri bilen bagly meselelere garaldy.
Şeýle hem gatnaşyjylar maksatlaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde parlamentarileriň orny we bu ulgamda öňde duran wezipeler barada pikir alyşdylar. Şunda Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine aýratyn üns berildi.