Ählumumy söwda ýollarynyň ewolýusiýasy we üpjünçilik zynjyrlarynyň täzeden gözden geçirilýän şertlerinde, Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky zynjyryň iň möhüm halkalarynyň birine öwrülýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa öz pikirini paýlaşdy.
«Biz ykdysady gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri görýäris. Biziň maksadymyz hususy ulgamyň gatnaşmagynda has uly söwda, has köp maýa goýumlary we has durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmekdir» diýip, ol birinji ÝB – Türkmenistan işewürlik forumynyň dowamynda belledi.
Ilçiniň sözlerine görä, ÝB bilen Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy çuňňur binýada we halkara öňdebaryjy tejribelere esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, ol ýurtda bäsleşige ukyply maýa goýum gurşawyny kemala getirmek boýunça ÝB-niň maliýeleşdirmeginde amala aşyrylýan taslamany agzap geçdi. Bu taslama işewürlik amallaryny ýönekeýleşdirmegi, kadalaşdyryjy aýdyňlygy ýokarlandyrmagy, sanlylaşdyrmany ösdürmegi, adam maýasyny kemala getirmegi we göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin şertleri giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Peksa Ýewropa Bileleşiginiň hem içerki, hem-de daşary ýurtly maýadarlary özüne çekip biljek döwrebap bäsleşige ukyply işewürlik gurşawyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.