Turkmenportal logo
Düýn 20:48
69336933
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2025-nji ýylda, takmynan 2,1 milliard dollara deň boldy

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen söwda dolanyşygy, takmynan 2,1 milliard dollar töweregi boldy. Bu barada maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow Aşgabatda geçen birinji ÝB – Türkmenistan biznes-forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

«Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy döwletimiziň daşary ykdysady strategiýasynda möhüm orny eýeleýär. Ýewropa Bileleşigi we oňa agza ýurtlar biziň strategik hyzmatdaşlarymyzdyr» diýip, ol belledi.

M.Astanagulow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň tas ähli döwletleri bilen diýen ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýandygyny we söwda, energetika, ulag, ekologiýa hem-de ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda işjeň çykyş edýändigini nygtady. Ministr ÝB-niň bazarlaryna iberilýän türkmen harytlarynyň görnüşleriniň köpelmegini oňyn ýagdaý hökmünde häsiýetlendirdi.