Turkmenportal logo
Düýn 20:43
65786578
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Russiýanyň kinosynyň festiwaly geçiriler

Russiýanyň kinosynyň festiwaly Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 27-nji martda başlanar we ol 29-njy marta çenli dowam eder. Görkezişler okuwçylaryň ýazky dynç alyş günlerinde «Arkaç» kinoteatrynda geçiriler. Festiwalyň guramaçysy hökmünde «Roskino» paýdarlar jemgyýeti çykyş edýär. Bu medeni çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan goldanylýar.

Festiwalyň maksatnamasyna maşgala üçin niýetlenen dört film girizildi. Kinoçäräni meşhur ýazyjy Alekseý Tolstoýyň ertekisiniň esasynda surata düşürilen «Buratino» filmi açar (režissýory Igor Woloşin). Şeýle hem festiwalyň çäklerinde okuwçy Fil Dinozawrowyň başdan geçirmeleri hakyndaky Maksim Wolkowyň «Doktor Dinozawrow» animasion filmi, režissýorlar Aleksandr Babaýew we Wasilý Rowenskiý tarapyndan surata düşürilen «Gnomlaryň hazynalary» erteki-filmi, şeýle-de Aleksandr Amirow tarapyndan halk ertekisiniň esasynda surata düşürilen «Şa gyzy-gurbaga» atly maşgala filmi görkeziler.

Ähli görkezişlere giriş mugt. Biletleri 27-nji martdan başlap kinoteatryň kassasyndan alyp bolar, orunlaryň sany çäklidir.