Turkmenportal logo
Düýn 17:54
93049304
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mirror»: 29 ýaşly britan zenany derýa durmuşa çykmakçy
Surat: gazeta.ru

Beýik Britaniýada 29 ýaşly işjeň zenan (aktiwist) Meg Eýwon ýurtdaky Letom derýasy bilen resmi nikalaşmakçy diýip, «Mirror» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Häzir «jübütler» gatnaşyklarynyň üç ýyllygyny belleýärler. 2023-nji ýylyň 17-nji iýunynda olaryň simwoliki nika dabarasy boldy, şondan bäri Meg derýanyň adyndan ýasalan Eýwon familiýasyny göterýär. Gyzyň sözlerine görä, olaryň toýy ekologiýa, şol sanda suwuň hapalanmagy meselelerine ünsi çekmäge ýardam beripdir.

Gazet Megiň öz eko-işjeň topary bilen derýanyň hukuk derejeliliginiň ykrar edilmegini gazanmakçy bolýandygyny ýazýar. Bu öz nobatynda diňe bir derýanyň goragy boýunça çäreleri güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, olara resmi taýdan nikadan geçmäge-de mümkinçilik bererdi. Emma bu heniz olara başardanok diýip, neşir belleýär.