Turkmenportal logo
Düýn 15:37
48174817
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwa şäherinde Margiananyň mirasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirilýär

25-nji martda Moskwa şäherinde Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) Prezidiumynyň binasynda «Margiana medeniýetleriň çatrygynda: Merkezi Aziýanyň çäklerinde, Kawkazda we Ýakyn Gündogarda medeniýetleriň gatnaşyklary — gadymyýet we häzirki zaman» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň, Dil bilimi institutynyň, Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň, Rus-Türkmen Margiana arheologik ekspedisiýasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär. Bu barada DIM-niň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahat ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere ýygnady. Ylmy forumyň mowzugy Merkezi Aziýada, Kawkazda we Ýakyn Gündogarda medeniýetleriň gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Bu ugurda Margiananyň (gadymy Marguş ýurdy) arheologik we taryhy-medeni mirasyna aýratyn üns berilýär.

Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasyny, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi S.Durdyýew, RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktory A.Zagrebin, RYA-nyň Dil bilimi institutynyň direktorynyň orunbasary A.Sidelsew hem-de RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktory A.Polýakow gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Duşuşyk özboluşly ýadygärlikleri we arheologlaryň täsirli açyşlary bilen tanalýan, şol bir wagtyň özünde henizem doly çözülmedik syrlary bolan Gündogaryň ajaýyp siwilizasiýasy — Margiana bagyşlanan mowzuklaýyn pikir alyşmalar bilen dowam etdi. Gadymy Marguşuň paýtagty Goňurdepe hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan ylmy açyşlar barada aýry-aýry çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, meşhur arheolog Wiktor Sarianidi 1972-nji ýylda türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňurdepäniň üstüni açdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerine girişdi.

Forum öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam edýär.