Şu gün Daşoguz welaýatynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 30-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Daşoguz welaýatynda geçiriljek bu festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrypdy. Şunuň bilen baglylykda, dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän festiwalyň çäklerinde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahatyň, «Bagşy dessan aýdanda» atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.