Hindistanyň Maharaştra ştatynda polisiýa ybadathanada bolan goh-galmagaldan soňra 17 ruhanyny hem-de ybadata gelen 17 sany adamy tussag astyna aldy diýip, «The Times of India» gazeti habar berdi.
Muňa olaryň ýaka tutuşmagy sebäp boldy. Şol gün doga-dileg üçin amatly hasaplanýan ýekşenbe bolansoň, ybadathana kän adam ýygnanypdy.
Polisiýanyň maglumatlaryna görä, gapma-garşylyk zyýaratçylaryň biri ruhana kokos zyňandan soňra başlanypdyr. Olar ilki gep oklaşypdyrlar, soňra köpçülikleýin ýaka tutuşma başlanýar.
Polisiýa jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagy we köpçülikleýin düzgün bozma boýunça iş açypdyr. Hukuk goraýjylar gapma-garşylygyň anyk sebäplerini kesgitlemek üçin wideogözegçilik kameralaryndaky ýazgylary öwrenýärler.