ABŞ-nyň NASA edarasy Aýyň üstünde baza döretmek üçin 20 milliarda golaý dollar bölüp bermekçi. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
Edaranyň iş dolandyryjysy Jared Aýzekman «Artemis» maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçiriljek taslamada diňe bir astronawtlaryň Aýa gonmagynyň däl-de, ol ýerde uzak wagtlap bolmak üçin şertleri döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny gürrüň berdi. Maksatnama bilen Waşingtonda hyzmatdaşlar we potratçylar, şeýle hem beýleki döwletleriň ýokary derejeli wekilleri tanyşdyryldy.
NASA-nyň soňky 50 ýylda Aýa adamlaryň ilkinji uçuşy boljak «Artemis II» uçarmanly älem gämisini uçurmagy hem göz öňünde tutýandygy habarda bellenýär. Onuň çäklerinde dört adamlyk ekipaž Ýeriň hemrasynyň daşyndan aýlaw edip, geljekde gonmak üçin tehnologiýalary işläp düzmeklige ýardam eder.