23-nji martda «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda 2027-nji ýylyň 19-nji marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine ýurduň gatnaşmagyny utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň baş komissariat hökmünde bellenendigi barada habar berildi.
Ýapon tarapy guramaçy assosiasiýanyň Türkmenistanyň bu çärä üstünlikli gatnaşmagy üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.