Turkmenportal logo
Şu gün 10:51
33003300
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG: 2025-nji ýylda Islandiýa buzluklaryň görülmedik möçberini ýitirdi
Surat: ecopravda.ru

BMG-niň Bütindünýä meteorologik guramasy Islandiýada we Demirgazyk Amerikanyň Ýuwaş umman ýakasynda 20205-nji ýylda buzluklaryň görülmedik derejede erändigini hasaba aldy. Bu barada guramanyň «2025-nji ýylda global klimatyň ýagdaýy» atly nutukda bellenilýär diýip, «armenpress» ýazýar.

Guramanyň maglumatlaryna laýyklykda, bu döwürde buzluklaryň umumy derejesi 1950-nji ýyllardan bäri dowam edýän synlamalaryň bütin dowamynda iň pes görkezijileriň bäşisinden biridir. 2022-2023-nji ýyllarda bu görkeziji has hem uly bolupdyr. BMG-niň bahalandyrmagyna görä, 1993 – 2018-nji ýyllar aralygynda deňziň derejesiniň ýokarlanmagy hut buzluklaryň eremegi bilen baglydyr. Muňa şeýle hem ummanyň maýlamagy 42 göterim, Grenlandiýadaky we Antarktidadaky buz galkanlaryň eremegi degişlilikde, 15 we 8 göterim täsir edipdir.