Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
32843284
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bütindünýä banky Özbegistana ulag pudagyny ösdürmek üçin 200 million dollar bölüp bermekçi
Surat: vzglyad.uz

Bütindünýä banky Özbegistanyň Surhanderýa oblastynda ulag pudagynyň ösdürilmegi üçin 200 million amerikan dollaryny bölüp bermekçi. Bu barada guramanyň habarnamasyna salgylanýan «Sinhua» agentligi ýazýar.

Bäş ýyllyk taslamada esasy wezipe Özbegistany goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän 91 kilometrlik M41 awtoulag ýolunyň durkuny täzelemek bolar. Ony iki zolaklygyndan dört zolaga çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Gara ýoluň durkunyň täzelenmegi her gün 35 müň töweregi sürüjä hem-de ýolagçylara hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem golaýda ýaşaýan 550 müň ilat üçin täze iş orunlary dörär.

Bütindünýä banky Özbegistanyň jemi içerki önüminiň tas 8 göterimini we 1 milliona golaý adamy iş bilen üpjün edýän ulag pudagynyň soňky on ýylda has oňyn netijeleri gazanýandygyny belleýär.