Turkmenportal logo
Düýn 20:22
84878487
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda howa hakyndaky kanunçylygyň emele gelşi we ösüşi barada monografiýa neşir edildi

«Ylym» neşirýatynda «Howanyň durnuklylygynyň hukuk esaslary: Türkmenistanda howa hakyndaky kanunçylygyň emele gelşi we ösüşi» atly kitap çapdan çykdy. Bu eser Türkmenistanda ilkinji gezek kanunlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga hem-de onuň täsirlerini gowşatmaga nähili ýardam berip biljekdigini ylmy taýdan öwrenýän iş bolup durýar.

Monografiýanyň awtory — hukuk ylymlarynyň kandidaty, ekologiýa hukugy boýunça bilermen Ýolbars Kepbanow.

Bu ylmy işde Türkmenistanda howanyň üýtgemegi babatda milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlary, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, uýgunlaşmak hem-de dürli betbagtçylyk töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça syýasy we hukuk gurallary beýan edilýär. Şeýle-de döwlet tarapyndan howa bilen bagly ýaramaz prosesleriň öňüni almak maksady bilen, esasan hem metan ýaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak çäreleri barada giňişleýin seljerme berilýär.

Awtor toplumlaýyn esasda halkara-hukuk resminamalaryny, milli ekologiýa we beýleki kanunçylygy, institusional mehanizmleri hem-de pudagara utgaşdyrylyşy seljerip, olaryň Türkmenistanda howa durnuklylygyny üpjün etmekdäki ornuny açyp görkezýär.

Ylmy işde Ýewropa, Aziýa, Demirgazyk Amerika we GDA-nyň giňişligindäki birnäçe döwletleriň howanyň üýtgemegi babatda hukuk taýdan düzgünleşdiriş tejribesine aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, awtor halkara tejribesiniň Türkmenistana laýyk we kabul ederlikli görnüşde ornaşdyrylmagy bilen bagly jähtleri aýratyn nygtaýar.

Häzirki döwürde howa boýunça halkara-hukuk ylalaşyklarynyň emele gelmegi we ösüşi bilen bagly ýagdaýy seljerip, awtor muny Türkmenistanda hem gözden geçirýär we ýurduň howanyň üýtgemegi babatda kanunçylygynyň entek emele gelmek tapgyryndadygyny, şol bir wagtyň özünde onuň uly ösüş mümkinçiliklerine eýedigini belleýär.

Ýolbars Kepbanow möhüm netijä gelýär: häzirki wagtda dünýäde we ýurtda düýbünden täze bir hukuk ugry — howa hakynda hukuk kemala gelýär.

Netijede awtor ýurduň howa kanunçylygyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny esaslandyrýar hem-de «Howanyň üýtgemegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň konsepsiýasyny teklip edýär. Şeýle kanuny işläp taýýarlamagyň zerurlygy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça täzelenen Milli strategiýasynda göz öňünde tutulandyr. Ýurduň kanunçylygy işjeň ösüş tapgyrynda bolup, ýöriteleşdirilen «Howanyň üýtgemegi hakynda» Kanuny kabul etmäge tarap barýar.

Monografiýa döwlet edaralaryna, hukuk we ylmy edaralara, ekologiýa syýasaty we howa kanunçylygy meseleleriniň çözgüdinde möhüm orun eýeleýän guramalara, bu ugurda işleýän döwlet gullukçylaryna, şeýle-de howanyň üýtgemegi boýunça syýasat we kanunçylyk bilen meşgullanýan alymlara hem-de talyplara niýetlenendir.