Turkmenportal logo
Düýn 10:59
65956595
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Seýidowa «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

TDH agentliginde habar berlişi ýaly, sergini şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem forumyň çäklerinde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy tarapyndan okuw maslahatyny, «tegelek stoluň» başyndaky iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda foruma gatnaşmak isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we wise-premýere Aşgabatda geçiriljek «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gowy taýýarlyk görmek, ony ýokary derejede geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.