Turkmenportal logo
Düýn 17:34
57415741
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan 2 aýda 50 müň türkmen jahankeşdesini kabul etdi
Surat: advantour.com

2026-njy ýylyň deslapky iki aýynda 50 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşde Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.

Hasabat döwründe 51,2 müň Türkmenistanyň raýaty syýahat etmek maksady bilen goňşy ýurda barypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça altynjy orny eýeledi. Bu ugurda birinji ýer Gyrgyz Respublikasyna (521,3 müň), ikinji ýer Täjigistana (469 müň) we üçünji ýer Gazagystana (386,2 müň) degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Russiýanyň (123,3 müň) we Owganystanyň (83,6 müň) hem ady bar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlargnda Özbegistana baran daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 1 million 776 müňe deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33 göterim ýokarydyr.