Turkmenportal logo
Şu gün 15:34
36303630
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ramadan Press Trip» syýahatyna gatnaşyjylar Stambulyň taryhy ýerlerini öwrenýärler

«Ramadan Press Trip» halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň syýahatynyň Türkmenistandan gelen wekilleri Stambul şäherine baryp, onuň taryhy künjekleri bilen tanyşdylar. Bu syýahat Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet geňeşligi tarapyndan Turkish Airlines awiakompaniýasynyň goldaw bermegi bilen guraldy. Bosforyň boýundaky şäher boýunça amala aşyrylan iki günlük syýahat taryha, binagärlige we mukaddes aýyň ruhy gurşawyna çuňňur aralaşma boldy.

Wekiliýet Stambula irden — agyz bekleýänleriň oraza tutmaga taýýarlyk görýän mahaly — selälik wagtynda geldi. Turkish Airlines uçarynda ýolagçylara selälik wagtyna laýyklykda ýörite taýýarlanan tagamlar hödürlenip, syýahata barýanlar Remezanyň aýratyn ruhuny uçarda hem duýdular.

Syýahatyň ilkinji güni Stambulyň Ýewropa böleginiň taryhy ýüregi hasaplanýan Beýoglu etrabyndan başlandy. Bu etrabyň ady XVI asyra degişli bolup, şol döwürde bu ýerde ýaşaýan wenesialy ilçisi Bailo bilen baglanyşyklydyr. Şol ilçiniň ýaşaýan binasy — Palazzo di Venezia — häzirki güne çenli saklanyp galyp, häzirki wagtda ol ýerde Italiýanyň Baş konsullygy ýerleşýär.

Syýahat köpsanly adamlaryň gezelenç edýän Istiklýal köçesi boýunça dowam etdi. Uzynlygy 1,5 km bolan bu köçe köplenç Moskwanyň Arbaty bilen deňeşdirilýär. Köçäniň nyşany bolsa 1915-nji ýyldaky nusga boýunça täzeden döredilen gyzyl tramwaýdyr: agaç çarçuwalar, hakyky oturgyçlar, iki tarap açylýan gapylar. Onda döwrebap goşulan zatlaryň — diňe Istanbulkart üçin goýlan terminaldyr.

Syýahatyň maksatnamasynyň aýratyn bölegi 1892-nji ýylda «Gündogar ekspressiň» ýolagçylary üçin açylan meşhur Pera Palace myhmanhanasyna baryp görmek boldy. Bu ýerde 1917-nji ýyldan başlap Mustafa Kemal Atatürk ýaşapdyr, şeýle hem Agata Kristi «Gündogar ekspressinde bolan öldürme» atly romanyny hut şu ýerde ýazypdyr. Türkiýedäki ilkinji elektrik liftiň — Ýewropada Eýfel diňindäki liftden soň ikinjisiniň — şu gün hem işleýändigi aýratyn bellärliklidir.

Syýahat soňra 1348-nji ýylda genueliler tarapyndan gurlan Galata diňine tarap dowam etdi. Ýolbelet gatnaşyjylara 1632-nji ýylda bu diňiň depesinden agaç ganatlar bilen uçup, şäheriň Ýewropa böleginden Aziýa tarapdaky Üsküdara geçen Hezarfen Ahmet Çelebiniň taryhyny gürrüň berdi. Ýolboýy žurnalistler 1850-nji ýyllarda bankçy Awraam Kamondo tarapyndan agtyklary üçin sowgat hökmünde ar-nuwo stilinde gurlan meşhur Kamondo basgançaklaryndan hem düşüp geçdiler.

Günüň gyzgalaňly pursaty bolsa gün batanda ýerine ýetirilýän agzaçar wagty boldy. Azan okalmagyna birnäçe minut galanda şäherde ümsümlik emele geldi: ulaglar ýoluň gyralarynda saklandy, pyýadalar ädimini haýallatdy, kafelerde sesler kesildi. Soň bolsa Topkapy köşgünden atylan top sesi tutuş Bosforyň boýy bilen ýaýrap, azanyň ilkinji owazlary bilen utgaşdy — müňlerçe adam bir wagtda suw hem-de hurma bilen agyz açmaga başlady.

«Stambul Remezan aýynda aýratyn öwüşginli bir şäher. Bu ýerde taryh bilen ruhy dünýä aýry-aýry däl-de, eýsem bir bitewi ýaşaýyş ýaly. Her bir daş, her bir minara diri duýgynyň bir bölegine öwrülýär» — diýip, Turkmenportal neşiriniň baş direktory Guwanç Nurmyradow belledi.

Bu syýahat Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky medeni we media gatnaşyklaryny berkitmek maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Ertesi gün wekiliýet Osman imperiýasynyň ilkinji paýtagty bolan Bursa şäherine ugrady.