Turkmenportal logo
Şu gün 08:32
68766876
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti sergä we foruma gatnaşyjylary TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. 

«Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Hususyýetçilerimiziň özlerine ynanylan taslamalara, il-ýurt bähbitli işlere örän jogapkärli çemeleşýändikleri bizi buýsandyrýar» diýlip, gutlagda bellenilýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň ileri tutulýan işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýändigi belledi.

«Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr» diýlip, gutlagda aýdylýar.