Turkmenportal logo
Düýn 21:50
1746217462
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Oraza we Milli bahar baýramlary mynasybetli dört gün dynç alyş yglan edildi

Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlara aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklary gorap saklamak hem-de ýurduň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň  81-nji maddasyna laýyklykda Oraza baýramyny 2026-njy ýylyň 20-nji martynda bellemek, 22-nji martdaky dynç gününi bolsa 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, mart aýynyň 20 — 23-i aralygy dynç günleridir.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminamanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegini gazanmak bellenildi.