Turkmenportal logo
Şu gün 10:41
93489348
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde 28 — 30-njy aprelde Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň goldaw bermeginde Daşary ýurtlarda telekeçiligi ösdürmek boýunça hytaý assosiasiýasy tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ilçisi P.Durdyýew öz çykyşynda ýurdunyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňişleýin beýan edip, makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyny hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlary üçin döredilen giň ýeňillikleri aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çig maly gaýtadan işlemek we eksport etmek, ulag we logistika, şeýle hem Hytaýyň Türkmenistanyň üsti bilen geçýän üstaşyr geçelgelere goşulyşmagy ýaly esasy pudaklarda anyk mysallarydyr ileri tutulýan taslamalary hödürlediler.

Forum hytaýly telekeçileriň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik beren göni gepleşikler sessiýasy bilen tamamlandy.