Turkmenportal logo
Şu gün 09:38
50485048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Köneürgenç etrabynda täze lukmançylyk merkezi gurlar

Daşoguz welaýatynyň häkimligi Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda lukmançylyk merkeziniň gurluşygy üçin potratçyny saýlamak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi. Gurluşyk işleri Milli oba hojalyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär — diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň 2026-njy ýylyň 14-nji martyndaky sanynda habar berilýär.

Tenderde gatnaşmaga Türkmenistanda resmi taýdan bellige alnan ýerli guramalar we kärhanalar çagyrylýar.

Tenderde gatnaşýanlara şu talaplar bildirilýär: doly ady, hukuk ýagdaýy we Türkmenistanda resmi bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezilen ýazmaça arza; guramanyň maddy‑tehniki binýady baradaky maglumat; hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň şahadatnamasy; bahalar boýunça teklipleri we degişli resminamalar.

Arzalar 2026-njy ýylyň 20-nji martyna çenli, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 10/1 jaý. Telefon: (+993 322) 9‑03‑02, faks: (+993 322) 9‑03‑14.