Şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbe eýermek bilen, iş kesilen 336 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutany toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.