12-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooýuň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmen tarapy Piter Wan Roýy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň iş tejribesiniň Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň institusional gatnaşygyny giňeltmek meseleleri, şeýle hem mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we sosial dialogy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde ýurduň guramanyň konwensiýalary boýunça yzygiderli hasabatlary hödürleýändigi hem-de şu ýylyň iýun aýynda Ženewada geçiriljek Halkara Zähmet konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşýandygy bellenildi.