Şu gün Yslamabat şäherindäki Türkmenistanyň ilçihanasynda «Orient Petroleum Inc.» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Kamran Ahmadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda pakistan kompaniýasynyň wekilleri iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler diýlip, Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň energetika pudagynyň barha artýan eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berip, tebigy gazyň dünýäde öňdebaryjy öndürijileriniň biri hökmünde ýurduň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem dünýäde energiýa serişdeleri babatda artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge yzygiderli üns berýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.