Türkmenistanyň ýetginjeklerden ybarat milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 17 ýaşa çenli futbolçylarynyň arasynda geçiriljek çempionatyna gatnaşar. Bu ýaryş 2026-njy ýylyň 4–14-nji aprelinde Daşkentde geçiriler — diýip, CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyklar Daşkentdäki «Dustlik» stadionynda geçiriler. Türkmenistandan başga-da, ýaryşa Owganystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary gatnaşarlar.
Ýaryşa 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýa-da ondan soň doglan futbolçylara gatnaşmaga rugsat berilýär.
CAFA tarapyndan berilýän maglumata görä, bu ýaryş sebitiň ýaş milli ýygyndylaryny yklym we dünýä derejesindäki ýaryşlara taýýarlamak maksadyny göz öňünde tutýar. Oýunlaryň resmi tertibi we goşmaça maglumatlar ýakyn wagtda çap ediler.