Turkmenportal logo
Şu gün 09:20
67346734
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa gulluklary hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

11-nji martda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigi bellenildi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.