Turkmenportal logo
Düýn 09:12
91609160
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Daşkentde geçirilen «Creative Central Asia 2026» forumyna gatnaşdy

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Beýik Britaniýadan bolan hünärmenleri birleşdiren «Creative Central Asia 2026» sebit forumy geçirildi. Çäräniň esasy maksady şäherleri ösdürmegiň we adam maýasyny berkitmegiň strategik guraly hökmünde döredijilik pudaklary ilerletmekden ybarat boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Forumyň maksatnamasy dersara hyzmatdaşlyga we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar emeli aňyň tutýan ornuny, maýa goýumlaryny çekmegiň gurallaryny we täze şäher düzümini kemala getirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilime, gymmatlyklar ykdysadyýetine we geljegiň başarnyklaryna aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde panel ara alyp maslahatlaşmalar, «Şäherleriň reýtingi» atly hakatonyň netijeleriniň tanyşdyrylyşy hem-de işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin hünär sessiýalary guraldy.

Forumda Türkmenistana ýurduň tehnologik we döredijilik ulgamyny ösdürmäge işjeň gatnaşýan ýaş hünärmenler wekilçilik etdi.