Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin Moskwa şäherindäki diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýewe türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy habar berdi.
Duşuşyk 13-nji martda geçirilip, onda taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
E.Aýdogdyýew, öz gezeginde, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna diplomatik missiýasynyň dowamynda beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Esen Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Russiýadaky, şeýle hem Serbiýadaky, Sloweniýadaky we Bolgariýadaky ilçisi wezipelerinden boşadyp, ony ýurduň ABŞ-daky ilçisi wezipesine belländigini habar beripdik.