Turkmenportal logo
Şu gün 13:07
83448344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Astanada geçiriljek halkara ýaşyl tehnologiýalar sergisine çagyryldy

2026-njy ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Astanada, «EXPO» halkara sergi merkeziniň meýdançasynda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa sammitiniň çäklerinde «RES 2026 EXPO» halkara sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçysy Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrligidir.

Açylyş dabarasynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergä gatnaşmak üçin döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, biznesiň, maliýe institutlarynyň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri çagyryldy. Çäräniň 30 ýurtdan 300-den gowrak kompaniýany, 1500-den gowrak wekili we 20 000-den gowrak myhmany bir ýere jemlemegine garaşylýar.

Eskpozisiýa sekiz sany tematik ugry öz içine alýar: ýaşyl energetika we dekarbonizasiýa, suw serişdeleri, sirkulýar ykdysadyýet, «akylly» şäherler, klimatik tehnologiýalar, bioköpdürlülik, agrotehnologiýalar, şeýle hem ESG we ýaşyl maliýeleşdirme. Şeýle-de serginiň çäklerinde «GREEN INVEST FORUM» maýa goýum forumy, «ECO STARTUP COMPETITION» ekologik startaplar bäsleşigi, sebitleýin kino ekofestiwaly we çeperçilik sergisi geçiriler.

Sergi ýaşyl ykdysadyýet we gaýtadan dikeldilýän energetika ugruny işjeň ösdürýän Türkmenistan üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Çärä gatnaşmak işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, maýa goýumlaryny çekmek we dünýäniň dürli künjeklerinden geljek hünärmenler we kompaniýalar bilen tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri açýar.