Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde mugallymlardyr talyplarynyň gatnaşmagynda «Goturdepe» käninde göçme okuw sapagy geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, «Goturdepe» nebit-gazly kän bolup, ol ýurduň Balkan welaýatynyň çäginde, Günbatar türkmen çöketliginiň demirgazygynda, «Barsagelmez» we «Çeleken» ýataklarynyň arasynda ýerleşýär.
Habarda bellenilişi ýaly, talyplar Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan guýulary düýpli abatlaýyş desgasynyň №1425-nji guýusynda abatlaýyş işlerini geçirýän pursatlaryny ýakyndan öwrenmegi esas edindiler. Göçme okuw sapagyň esasy maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik şertlerinde berkitmekdir.
Mundan başga-da talyplar «Goturdepe» käninde nebiti ýygnaýjy desgasyny synlap, çykarylan nebiti ýitgisiz ýygnamak işinde ulanylýan tilsimatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra bolsa, gazlift usulynda işleýan bir gije-gündizde 38 tonna nebit önümini çykarýan №415-nji nebitli guýusynyň işleýiş düzgünini öwrendiler.