Turkmenportal logo
Şu gün 10:44
57835783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2025‑nji möwsümiň ýeňijilerini yglan etdi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň klublarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen soraşmagyň esasynda 2025‑nji möwsümiň ýeňijilerini kesgitledi.

Ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde «Nebitçi» toparynyň ýarym goragçysy Elman Tagaýew diýlip yglan edildi. 36 ýaşly kapitan geçen möwsümi «Ahalyň» düzüminde geçirdi.

Çempionatyň iň gowy hüjümçisi diýen ada «Arkadagyň» hüjümçisi Didar Durdyýew mynasyp boldy. Ol möwsümde 27 gol geçirdi.

Ýylyň iň gowy tälimçisi hökmünde «Arkadagyň» tälimçisi Wladimir Baýramow saýlandy. 45 ýaşly hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar yzly‑yzyna üç gezek Türkmenistanyň çempionatyny we ýurdumyzyň Kubogyny gazandy, şeýle hem 2025‑nji ýylyň maý aýynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kubogynyň finalynda Kambojanyň «Prea Han Riç Swai Riýeng» klubuny 2:1 hasabynda ýeňdi.

«Ýaşlar çempionatynyň iň gowy oýunçysy» diýen ada «Altyn Asyr» klubynyň hüjümçisi Weýisgeldi Orazdurdyýew mynasyp boldy. Ol 19 gol bilen ýaryşyň iň gowy bombardiri hem boldy.

Möwsümiň iň gowy emini diýen ada FIFA-nyň emini Resul Mämmedow mynasyp boldy. Iň gowy kömekçi emin hökmünde FIFA-nyň kömekçi emini Yhlas Kurambaýew saýlandy. Zenanlaryň arasynda bolsa bu ada FIFA-nyň kömekçi emini Kristina Bersenýowa mynasyp boldy.

«Fair Play» baýragy esasy çempionatda «Arkadag» toparyna, ýaşlar çempionatynda bolsa «Merw» toparyna berildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurduň iň gowy 22 futbolçysyny hem kesgitledi:

Birinji düzüm:

Derwezeçi – Rasul Çaryýew («Arkadag»). Goragçylar – Mekan Saparow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ibragim Mämmedow (hemmesi «Arkadag»). Ýarym goragçylar – Şanazar Tirkişow, Welmyrat Ballakow, Mirza Beknazarow (hemmesi «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal»). Hüjümçiler – Didar Durdyýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisi hem «Arkadag»).

Ikinji düzüm:

Derwezeçi – Rüstem Ahallyýew («Arkadag»). Goragçylar – Yhlas Toýjanow («Arkadag»), Bagtyýar Gürgenow, Zafar Babajanow (ikisi «Altyn Asyr»), Hakmuhammet Bäşimow («Ahal»).

Ýarym goragçylar – Şamämmet Hydyrow («Arkadag»), Alybek Abdyrahmanow, Gurban Annaýew (ikisi hem «Nebitçi»), Myrat Annaýew («Altyn Asyr»). Hüjümçiler – Daýanç Meredow («Arkadag»), Enwer Annaýew («Ahal»).