Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýurduň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär.
Maslahata gatnaşyjylar adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler bellenilip geçildi.