Turkmenportal logo
Şu gün 11:27
76957695
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Fransiýadaky we Portugaliýadaky ilçisi Maksat Çaryýew 2026-njy ýylyň 9‑njy martynda Lissabonyň Respublika Assambleýasynyň binasynda geçirilen Portugaliýa Respublikasynyň täze prezidenti Antoniu Žoze Segurunyň resmi kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşdy.

Antoniu Žoze Seguru soňky 20 ýylyň dowamynda ýurduň prezidenti wezipesine saýlanan ilkinji sosialist boldy.

2026-njy ýylyň 18‑nji ýanwarynda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda Seguru takmynan 31% ses toplap, birinji orny eýeledi. Ýöne hiç bir dalaşgär zerur bolan 50% çägini geçip bilmändigi üçin saýlawlaryň ikinji tapgyry bellenildi. Onda Seguru ultra‑sagçy «Chega» partiýasynyň lideri Andre Wentura bilen bäsleşdi.

8‑nji fewralda geçirilen ikinji tapgyrda Seguru 66,7% ses toplap, ýeňiş gazandy. Onuň garşydaşy Andre Wentura bolsa 33,3% ses aldy. Şeýlelikde, Seguru Portugaliýada prezident saýlawlarynyň taryhynda iň köp ses toplan dalaşgär boldy.