Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý, Aşgabat — Jidda we Aşgabat — Abu-Dabi ugurlary boýunça gatnawlaryň 1-nji aprele çenli uçuşlary amala aşyrmaz. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
«Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlaryň 2026-njy ýylyň 09-nji martyndan 01-nji aprele çenli togtadylýandygy barada habar berýäris: Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat» diýlip, habarda bellenilýär.
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler. Internet üsti bilen satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar.
Ýolagçylara awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklyk maslahat berilýär.
Mundan ozal, awiakompaniýa agzalan ugurlar boýunça uçuşlaryň togtadylandygyny habar beripdi.