Turkmenportal logo
Düýn 10:14
55335533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 8-nji mart mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

Halkara zenanlar güni myansybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurduň gelin-gyzlarynyň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertine ýurduň çar ýanyndan zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Oňa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenan işgärleri-de hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.

Ajaýyp baýramçylyk konserti Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň hem-de birleşen döredijilik-folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adybir kitaby esasynda sahnalaşdyrylan çykyşda mährem eneleriň waspy ýetirilip, zenan mukaddesligi açylyp görkezildi. Türkmen zenanynyň taryhy keşbi bilen bir hatarda, olaryň häzirki döwürde dürli ugurda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň aýal-gyzlara goýýan belent sarpasy çeper beýan edildi.

Soňra baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Sahnada zenanlaryň hoşniýetliligini, sadalygyny, asyllylygyny, paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, ene söýgüsini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy. Sahna eserlerinde häzirki zaman zenanynyň ajaýyp keşbi janlandyryldy. Bu bolsa dabaranyň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, her bir zenanyň kalbynda buýsanç duýgusyny oýardy.

Mukamlar köşgüniň ajaýyp sahnasynda aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen bir hatarda, sungat äleminde meşhurlyk gazanan ýaş estrada aýdymçylary hem çykyş etdiler. Olar «Dünýäniň bar görki enedir-ene» atly aýdymy tomaşaçylara sowgat hökmünde türkmen, iňlis, rus dillerinde ýerine ýetirdiler. Bu aýdymy estrada aýdymçylarynyň ýaşajyk artistlerden düzülen çagalar hor toparynyň «Mukam» skripkaçylar topary bilen bilelikde ýerine ýetirmegi mährem enelere mähirli duýgulary bagyş etdi. «Güneş» çagalar hor topary, «Şowhun» we «Jahan» çagalar tans toparlary zenanlar üçin aýdym-sazly, tansly baýramçylyk sowgadyny taýýarlady. Ýaňlanan aýdymlaryň Türkmenistanyň Döwlet tans ansamblynyň we «Galkynyş», «Meňli», «Serpaý», «Näzli», «Aşgabat», «Ak mermer» tans toparlarynyň, Arkadag şäheriniň birleşen tans toparynyň, «Laçyn», «Miras» folklor-tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşmagy milli däp-dessurlaryň köpöwüşginliligi bilen häzirki zaman döredijiliginiň özboluşly ugurlarynyň sazlaşygyny görkezdi. 

Ýurduň birleşen folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy konserte gatnaşyjylaryň has-da göwnüni göterdi. 

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz, saýaňyzda bagtyýardyr eneler!» atly ajaýyp aýdym konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy.