Turkmenportal logo
07.03.26
1658916589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen žurnalistleri Türkiýe boýunça metbugat saparyny amala aşyrdylar

Türkmen žurnalistleriniň topary 2 — 5-nji mart aralygynda Türkiýede geçirilen ýörite «Remezan» metbugat saparyna gatnaşdy diýip, «Turkmenportalyň» habarçysy habar berýär.

Bu sapar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet geňeşiniň başlangyjy hem-de «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň goldawy bilen guraldy. Sapar «Ynam. Medeniýet. Gastronomiýa» şygary astynda geçirilip, ol Stambul we Osman imperiýasynyň ilkinji paýtagty bolan Bursa şäherini öz içine aldy. «Turkmenportalyň» wekiliýetine neşiriň baş direktory Guwanç Nurmyradow ýolbaşçylyk etdi.

Žurnalistler ilkinji iki güni Stambulda geçirdiler. Gelnen güni myhmanlar üçin taryhy Beýogly etraby boýunça pyýada gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda Taksim metjidine barlyp görüldi we agşam ýerli restoranlaryň birinde bilelikdäki iftar — Remzan aýynyň däp bolan agzaçar nahary bilen jemlendi. Ikinji günüň maksatnamasyna ruhy merkez bolan Eýýup etrabyna zyýarat girizildi: gatnaşyjylar Altyn Şah (Haliç) aýlagyna ajaýyp görnüş açylýan meşhur Pýer Loti kafesini we türk yslam dünýäsiniň iň mukaddes ýerleriniň biri bolan Eýýup Soltan metjidini gördüler. Günüň iň ähmiýetli pursady bolsa Aýa-Sofiýa metjidine zyýarat we Taryhy ýarymadada edilen agzaçar boldy.

Üçünji gün Osman imperiýasynyň ilkinji paýtagty bolan Bursa şäherine sapar bilen dowam etdi. Türkmen žurnalistleri belent mertebeli Ulu-Jamy metjidine baryp gördüler, Uly bazaryň (Grand-bazar) söwda hatarlarynda gezelenç etdiler we taryhy Kozahany gördüler. Agşamlyk baýramçylyk iftary bilen jemlenip, myhmanlara türk aşhanasynyň özboluşly lezzetini doly duýmaga mümkinçilik berdi. Dördünji gün saparyň gatnaşyjylary yzyna ýola düşdüler.

Bu metbugat sapary türki halklaryň arasyndaky köpasyrlyk ruhy we medeni gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy boldy. Gatnaşyjylar Türkiýäniň yslam däp-dessurlary, taryhy mirasy we Remezan aýyndaky myhmansöýerligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.

Guramaçylar şeýle metbugat saparlarynyň medeniýetara gepleşikleri berkitmäge hem-de Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gyzyklanmanyň artmagyna ýardam etjekdigini nygtadylar.