Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, täze şäheriň metjidiniň gurluşygy we onuň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler, önümçilik maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, iş otaglarynyň üpjünçiligine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalarynyň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, täze şäheriň medeni-durmuş maksatly binalarynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň bolmalydygyny, şunda döwrebaplygyň, amatlylygyň reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydygyny belläp, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere milli tejribä daýanylmalydygyny aýtdy hem-de bu ugurda degişli ýolbaşçylara öwüt-ündewlerini berdi.