Wenerany we Ýupiteri mart aýynda asmanda adaty göz bilen görmek mümkin bolar, teleskop arkaly Uran planetasyny tapsa bolar. Bu barada Russiýanyň Ýaroslaw oblastynyň W.W.Tereşkowa adyndaky medeni-magaryf merkeziniň usulyýet-magaryf bölüminiň ýolbaşçysy Olesýa Romenskaýa «Ria.Nowosti» habarlar gullugyna gürrüň berdi.
«Astronomiýany söýüjiler üçin martda Wenerany agşam wagty gözýetimiň günbatar böleginde synlamak mümkinçiligi dörär. Gijesine şeýle hem adaty göz arkaly gözýetimiň günorta böleginde Ýupiteri görmek mümkin. Teleskop eýeleri-de asmandan Urany tapyp bilerler. Ony görmek üçin asmanyň garaňky bolmagy gerek, Urany iňrikde görmek has kyn bolar» diýip, Romenskaýa aýtdy.