Russiýanyň «Max» messenjerinde bellige durmak 40 ýurduň ýaşaýjylary üçin elýeterli boldy. Bu barada messenjeriň saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Max»-da bellige durmak operatorlaryň, şol sanda Wýetnamyň, Indoneziýanyň, BAE-niň, Tailandyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Kubanyň, Yragyň we Wenesuelanyň operatorlarynyň sim-kartlary arkaly mümkindir» diýlip, habarda aýdylýar.
Messenjeriň metbugat gullugynda ulanyjylar üçin bellige durmakda priloženiýäni ýüklemek, ýurdy saýlap, soňra belgini we SMS-habar arkaly iberilen barlag koduny girizmek gerek diýip habar berdiler.