Turkmenportal logo
Şu gün 07:38
61796179
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli mährem eneleri we gyz-gelinleri gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu halkara baýramyň şanyna Diýaryň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek göwün göteriji dabaraly çäreleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly işlerine taýsyz goşantlaryny goşýan, milli ýörelgeleri, maşgala mukaddesliklerini mynasyp dowam etdirýän eziz eneleriň, mähriban uýalaryň, gelin-gyzlaryň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynam bildirdi.

«Müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, aýratyn-da, ýokary watançylyk duýguly, milli buýsançly ýaşlarymyzy — Watanymyzyň daýanjy bolan täze nesilleri terbiýelemekde dilleri senaly enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Berkarar Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir» diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda dünýäniň gözelligini hem-de sazlaşygyny özünde jemleýän ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, mähriban enelere we gyz-gelinlere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri hem-de rowaçlyklary arzuw etdi.