Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda parlamentara hyzmatdaşlygyň çäklerinde çäreleri guramak we geçirmek meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, diplomatik edaranyň habarynda bellenilýär.