Turkmenportal logo
05.03.26
1742817428
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan Türkmenistanyň serhedine çenli täze ýoluň gurluşygyny şu ýyl tamamlar

Gazagystan şu ýyl ýurdy Türkmenistan bilen baglanyşdyrýan gara ýoluň gurluşygyny tamamlar. Bu barada Gazagystanyň ulag ministri Nurlan Sauranbaýewiň sözlerine salgylanyp, «Lsm» gazak saýty habar berdi. 

Ministr N.Sauranbaýew «Türkmenistan – Russiýa» ulag geçelgesiniň gurluşygy barada durup geçip, bu geçelgäniň «Temir-Baba – Russiýa Federasiýasynyň serhedi» bölegini hem öz içine alýandygyny belledi. 

«Žanaozen – Türkmenistanyň serhedi» ýol böleginde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýoly dört zolakly etmek boýunça tehniki-ykdysady esaslandyryş (TÝE) taslamasy hem işlenip taýýarlanylyp başlandy. Häzirki bölekdäki gurluşyk işleri şu ýylyň dowamynda tamamlanar» diýip, ministr belledi.