«Aşgabatgaz» müdirligi «Нейтральный Туркменистан» gazetinde ýaşaýyş jaýlarynda gaz ysy peýda bolan halatynda görüomeli çäreleriň tertibi barada ýatlatma çap etdi hem-de raýatlary bellenilen howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyrdy.
Edaranyň berýän maslahatlaryna görä, gaz ysy geleninde, gaz enjamlaryndan peýdalanmagy bes etmeli, ähli kranlary ýapmaly hem-de otagy ýelletmek üçin äpişgeleri we gapylary açmaly. Islendik elektrik enjamlaryny tokdan aýyrmak ýa-da toga birikdirmek düýbünden gadagandyr. Sebäbi bu hereket ýangyna sebäp bolup biler.
Şeýle-de müdirlik gaz enjamlaryny ulanmagyň esasy düzgünlerini ýatlatdy. Hususan-da, gaz plitasyndan diňe penjiräniň howaçykary açyk wagty peýdalanmaga rugsat berilýär. Sebäbi enjamlaryň uzak wagtlap işlemegi otagdaky kömürturşy gazynyň mukdaryny artdyryp, zäherlenmä eltip biler. Işläp duran gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmaly däl. Kiçi ýaşly çagalaryň we gazdan peýdalanmagyň düzgünleri bilen tanyş däl adamlaryň olary ulanmagyna ýol bermeli däl.
Gaz enjamlaryny özbaşdak gurnamak, ýerini üýtgetmek, birikdirmek we bejermek düýbünden gadagandyr. Enjamlara hyzmat etmek bilen bagly ähli soraglar boýunça raýatlara şu salgy boýunça «Aşgabatgaz» müdirligine ýüz tutmak maslahat berilýär: G.Burunow köçesi, 7/2-nji jaý, telefon belgisi: 92-05-02.