Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) ýolbaşçysy Owganystanyň Standart we hil meseleleri boýunça edarasynyň başlygy Molla Faizullah Tamimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TSSE-niň Metbugat gullugy habar berdi.
27-nji fewralda geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyrmak we harytlaryň hilini üpjün etmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara haryt dolanyşygyny artdyrmakda hil talaplaryna laýyklygyň möhüm ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda 2024-nji 4-nji martynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Owgan harytlarynyň sergisiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu sergi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, hyzmatdaşlyk ugurlaryny açmaga mümkinçilik döretdi.
Geçirilen duşuşyk türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim boldy diýlip, habarda bellenilýär.