Turkmenportal logo
Düýn 23:37
87898789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy taýýarlanylar

Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda ynsan saglygyny goramak, BSGG-niň halkara talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini gurýan kärhanalaryny gurmak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda oňyn tejribeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň we tejribesine esaslanýan ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine hem-de bu ugurda ýurduň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer B.Mämmedowyň ýurtda ylmy lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky  hasabatyny diňläp, ýurtda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.